Все блоги
![]() | Yusup Durdyyew Добавлено 4 Dek 2020 в 19:51 |
Biz hiç haçan bile ýaşamarys ― diýip, Irwald oňa kesgitli jogap berdi. ― Ertir men ýene-de deňze gitjek, gaýdyp gelenimden soň bolsa
Sneggaryň gollaryny elime aljak. Biz gyşy bileje
gyşlarys, tomusda-da goşa gagara kimin ýüzüp
gideris.
― Men näme? ― diýip, Welga assaja soranda ýüregi gürsüldäp urup başlady. ― Men ýalňyz
galarynmy?
― Hawa ― diýip, Irwald jogap berdi.
Muny eşiden Welga şol bada kenara bökdi-de,
deňziň boýy bilen ýöräp gitdi. Esli arany açandan
soň bolsa, bir çal daşyň üstüne özüni goýberdi.
Aýa bakyp, ýüregindäki sanjydan nalap gygyrdyda möňňürip daş bagyrtlady.
III
Tümlükde şemalyň eýmenç şuwwuldaýşyny
eşidýärmiň? Heý, mähremsiz demirgazyk deňzi
diýsäni!
Ertesi ir bilen güýz düşdi, öçüksi dumanda agyr
tolkunlar güwwüldeýärdi. Çapgyn şemal Welganyň ýüzüni dalanda, ol böküp turdy-da, özüni suwa oklady. Ýöne tolkun göterildi-de, ony kenara
zyňyp goýberdi.
― Deňiz meniň ölmegimi islänok ― diýip,
Welga öz-özüne aýtdy. ― Men öňürti Irwaldy öldürmeli.
Ol dodaklaryny mäkäm gysyp öýlerine dolandy. Ýaňaklaryndaky gözýaşlar gurap, yzgytsyz ýüzi närahatdy, ýöne ýürejigini tümlük
baglapdy.
― Sneggar, Irwald gitdimi? ― diýip, uýasyndan sorady.
― Hawa.
― Ol haçan geler?
― Deňiz garalyp, gar gatyşykly ýagyş ýagyp
başlanda.
Welga gowrulan balykdan garbandy-da, külbäniň daş işigine çykdy, ýüzüni şemala tutup, gaşlaryny bürüşdirip, uzakly gün oturdy. Garaňky
düşende öýe girdi, irden bolsa, ýene Irwalda garaşmak üçin daş çykdy. Gündizlerini hem gijelerini, tä ilkinji gar gatyşykly ýagyş ýagýança, şeýdip
geçirdi. «Bahym Irwald dolanyp geler ― diýip oýlananda, öýkäniň ýakymly awusy sozulyp kalbyna
dökülýärdi. ― Ony öldürerin, özümem gabyrda
ynjalyk taparyn».
Ýöne Irwald geliberenokdy. Eýýäm garaňky
gatlyşýardy. Welga bosagadan bahym-bahymdan
turup, deňze tarap çiňerilip äňedýärdi. Iňrik garalanda Welganyň garry kakasy külbeden çykdy.
Onuň uzyn çal saçlary şemala galgaýardy.
― Welga, balam ― diýip, ol mähir bilen söz
gatdy. ― Näme üçin mährem ojakdan gaýdyberdiň? Anha, gije eýmenç tupan gopjak bolýar, ynsan ýüregine hesret dagynyň çökmegi şondan. Diwarlary diregler bilen berkitmäge, düwlen derisi
örtülen üçege daş goýmaga kömekleş. Ygaldan
we gijeden pena bolar.
Mährem sözlerden ýaňa Welganyň ýüregi endiräp, özüne, kakasyna hem Irwalda nebsi agyrdy.
Çalasynlyk bilen kömekleşmäge başlady. Güýçli
öwüsýän ýel ataly-gyzy ykdyryp barýardy, deňizde syrgyn gopýan deý howanyň ýüzüni çygly tozan gaplap alypdy. Topbak-topbak köpürjikli
tolkunlar äpişgä urulýardy, Welga gorkujygyna
dessine içerik girdi.
Garaňky öýde oturyşyna, birmahal, Irwald heniz çagaka, onuň Welgalarda ýatymlyk galandygy
ýadyna düşdi. Şol gije Irwald onuň myhmanydy,
Welganyň özi oňa düşek ýazyp beripdi, myhmanparazlyk däbi boýunça ýatmazyndan ozal ogşapdy. Ýigidiň mähriban ýüzi göz öňünde janlananda
hamraklykdan hem söýgüden ýaňa ýüregi gyýymgyýym boldy. Şonda ol ýigidi öldürmegiň küýüne
düşendigini hem ýadyndan çykaryp, düşeginden
tarsa galdy-da, howatyrly diňşirgendi. Şemalyň
şuwwuldysynda Irwaldyň haraý isläp gygyrýan
sesi gulagyna eşidilýän ýaly boldy. Uzakly gije
gorkudan ýaňa galpyldap, ahyry ysgyn-deramatdan gaçyp, daňdanlar uka gitdi.
Deňiz biraz köşeşip başlady, howada gyş aňzagynyň awusy duýulýardy. Welga ukudan oýanyp, öýüň
gapysyny açanda, Sneggar bosagadan ätledi. Ol:
― Welga! Tupan Irwaldy Buzly deňziň ilatsyz
adalaryna äkidip, gaýygyny kül-uşak edipdir. Ol
indi deňizde bir özi, indi ol sowukdan, açlykdan hem deňiz guşlarynyň äpet çokjalaryndan heläk
bolar ― diýdi.
― Muny saňa kim aýtdy? ― diýip, Welga gygyrdy. Sneggar:
― Men Çarna palçynyň ýanyna bardym, ol gagaranyň içegelerinde pal atyp berdi ― diýip, iki
eli bilen ýüzüni tutup aglady. Welga mähir bilen:
― Sneggar... ― diýmekçi boldy.
Ýöne gaşlary gaharly çytyldy-da, güýçli eli
öýüň gapysyny serpdi.
IV
Ol kenar bilen demirgazyga tarap çalt-çalt ýöredi. Sowuk agşamyň garaňkylygynda Çarnanyň
ojakda ot alawlaýan ýyljajyk külbesine girdi.
― Eý, bilgiç, kömek et! Irwaldyň ýanyna barýan ýoly salgy ber! ― diýip, ol Çarna ýalbardy.
― Sen howlukmaly! Irwaldyň ýanyna barmak
üçin iki gün hem iki gije ýüzmeli. Üçülenji gün
daň atanda baryp ýetişmeseň, ol heläk bolar. Ýöne, Welga, aýt, sen Buzly deňziň edil dünýäniň
ilki dörän günlerindäki ýaly çolaryp ýatan ýürekgysgynç beýewanlygy barada eşidipmidiň?
Welganyň ýüregi misli tora düşen balyk kimin
urundy.
― Maňa haýpyň gelsin, Çarna ― diýip, ol jogap berdi. ― Ýagty jahan bilen hoşlaşmak maňa
agyr degýär. Ýöne muny etmek hökman bolsa,
aýtsana, maňa näme garaşýar?
Onda Çarna:
― Sen iki gün hem iki gijäni deňizde, gorkyhasratyň içinde geçirersiň. Irwaldyň tapdan düşüp
ýatan adasyna aýak basanyňda, sen çarlak guşa
öwrülersiň, Irwald bolsa seniň kim üçin janyňy
gurban edendigiňi bilmez ― diýdi.
Welganyň ýüzi gyşyň ilkinji gary ýaly duw-ak
bolsa-da, göreçleri şatlykly uçganaklady. Ol:
― Men gitdim, Çarna! ― diýdi.
― Gyssagyň özüň bilen bolsun, Welga!
Welga kenaryň öl çägesi bilen şemalyň garşysyna, güwläp ýatan garaňky deňze tarap ylgap
gitdi. Uýasyna, ejesine we kakasyna «bagyşlaň»
diýip gygyrasy geldi, ýöne kenardaky gaýyk saD ü n ý ä e d e b i ý a t y n y ň a l t y n h a z y n a s y n d a n
byrsyz çaýkanýardy, Welga derrew oňa böküp mündi. Ol gaýygy günbatara, şapagyň gana çalymdaş çyzygy çala görünýän tarapa öwürdi, tolkunlara çaýkanýan gaýykda örboýuna galdy. Ajy
damjalar gözlerini awuşadýardy, şemal onuň ak
eşigini garaňkylykda galgadyp, ýüzüne Buzly
deňziň aýazyny üfleýärdi.
V
Daňdanlar ol daş-töweregini yzgytsyz aksowult deňziň gurşandygyny, çägesöw çola ada
ýetendigini gördi. Adada adam-gara ýokdy. Bu
ýere diňe ak köpükli tolkunlar gelýärdi. «Suw çopanjyklary» uzyndan inçe aýaklarynda ylgaşlap,
tolkun urýan kenarda balykgulaklaryň arasyndan
iýmit gözleýärdiler. Ýöne bu guşlar hem azdy.
Gyşda olar ýyly şemal öwüsýän kenarlara tarap
uçup gidýärler.
Buzly deňiz eýýäm başlanypdy. Welga uzak
gün ýüzüp, ýeriň tükenýän çetine uzalyp, asman
bilen sepleşýän, aňyrsy-bärsi görünmeýän suw
giňişligine ýetdi. Gomlar gaýygyň düýbüne barha
güňleç urunýardy, sebäbi tolkunlaryň astynda indi
direnere gara ýer ýokdy. Bu deňizde, adamlardan
uzakda, gaýaly adalarda ýabany demirgazyk guşlary ýaşaýardy. Gür ýelek bilen örtülen bu güýçli
guşlar arly gyş buzlaryň arasynda ýüzüp, buz ýaly
suwuň çuňlugyna arkaýyn çümüp bilýärdi. Adalarda olaryň müňlerçesi höwürtge gurnup, her bir
ada guşlardan ýaňa ap-ak gara bürenen ýalydy.
Her ýerde sömelişip duran kert gaýalarda hem
olaryň aşak etegindäki sürenlerde guş höwürtgeleri bardy. Ikindinaralar Welga iň uly adanyň deňinden ýüzüp geçdi.
Bu ada eteginden depesine çenli tutuşlygyna,
guraňkyrlan guş dersidir ýelekden emele gelen
çal gabyk bilen örtülendi. Guşlar hatar-hatar
bolşup, gaýalaryň erňeklerinde otyrdylar. Kiçiräkleri aşakda, ýokarda bolsa petekeleri ak,
arkalary gara, boýunlary-ha ýogyn, kellelerem
kiçi, ak ýelek bilen gurşalan gözleri bolsa wagşylyk bilen ýanyp duran, äpet eýmenç çokjaly,
berdaşly, gödeňsi aýakly, gysga, dyrnaksyz çaňňally iň uly hem açgöz guşlar irkilişip otyrdylar.
Guşlar öz aralarynda gygyryşyp gürleşýärdiler.
Aňzak şemala döz geljek bolup halys ysgyndan
gaçan Welganyň garaňky gatlyşan badyna dynç
almak üçin gaýykdan düşerine mähetdel, olar
galmagallaşyp göterilýärdiler-de, gyzyň depesinde aýlanýardylar, iň äpetleri bolsa biri-biriniň sesini basjak bolup, şatlyk bilen wagşyýana
goguldaşýardylar... Welga gorkusyna ýüzüni aktam edip, barja güýjüni jemledi-de, yzyna, gaýyga böküp mündi.
Soňky günüň öýlän çagy tutuksy dumanyň arasyndan ýeriň aňrujundaky beýik çola gaýanyň
garasy göründi. Diňe gujurly wikingler bu ýere
gelmegi başarypdy, gaýyklaryny urganlamak üçin
demirden gazyk kakypdy. Ol ýerde köpükli tolkunlaryň gopguny ümürde aýlanyşyp ýören müňlerçe wagşy guşlaryň gazaply sesleri bilen utgaşyp
gidýärdi. Sowukdan hem açlykdan ýaňa ysgynmydardan gaçan Irwald bolsa huşundan gidip, kenarda ölüm halynda ýatyrdy. Ol deňiz köpürjigi
ýaly ap-akdy, buýra saçlary durşuna öl çägedi.
― Irwald! ― diýip, Welga janygyp çasly gygyrdy.
Irwald onuň sesine şol bada özüne geldi. Welga
oňa çagalykdaky ýaly söýýändigini aýdyp gygyrasy geldi, emma gaýykdan kenara bökende aýaklary ýere degmedi. Ol howada ak çarlak guşuna
öwrülip ganat ýaýdy, onuň sesi bolsa Irwaldyň
depesinde çarlagyň naýynjardan şatlykly owazy
bolup ýaňlandy. Ýigit bu owazy eşidip özüni dürsedi, dost sesi onuň ýüregine baryp ýetdi, ýöne ol
töweregine seredende, diňe gaýygyň üstünden ses
edip uçan çarlagy gördi...
Irwald günbatara tarap ýüzüp gitdi. Welga
bolsa Irwaldy ugradyp, suwuň üstünde uzak
wagtlap pelpelledi ýördi. Ýigit alysda gözden
ýitende bolsa, ol menzil-mekansyz çarlagyň
keşbinde ýeliň ugruna ykdy ýördi. Ol häzirlerem Irwaldyň birmahalky tapdan düşen dumanly gaýalaryny ýatlap hasrat çekýär. Ýöne onuň
nalasynda şatlyk bar.
Rus dilinden terjime eden
Oguljemal NURMYRADOWA. 1 0

Gyzykly.Ru 2019-2020 Onlaýn: 1