E.A.
Erkin mowzuklar
E.A.
Meýlis bugün işe höwessiz geldi. Kellesinde müň oýsmileikirli oglan satanogy ters işledäýen bolsa nätjek!? Nämede bolsa onuň bu ýalňyşlygyny, başga işdeşleri synlap duran eken. Stanok ters işläp başlanyndan derrew ýetişip stanogy öçürdiler. Oglan tas elsiz, has gorkunjam ýarty göwresiz galjak eken. Alaka meňzeş adamlar her-ýerde bar, şeýle adamlaryň biri ylgap gidip başlygyna bu wakany buşlady. Başlyk bu zatlardan habarly bolup, Meýlisi iki-çäk gürrüňe çagyrdy. Meýlis gelip başlygynyň gapysyny kakanda, gapynyň aňyrsyndan:
-Giriň! - diýip ses eşidildi. Meýlis gapyny açyp otaga girdide sesini çykarman, başlygynyň inniki aýtjaklaryna garaşyp durdy. Başlyk bolsa gygyrjagynam, gynanjagynam bilmän öwşgünli äheňde:
-Hä Meýlis, gel, geç-otur! - diýip stuly görkezdi. Bu gürrüňiň gowluga däldigini aňan Meýlis, ýüzüni aşak sallap:
- Başlyk, tötänden boldy. Biraz başga zat barada pikir edäýipdirindä...
+Meýlis, düşünýän. Sen gowy oglan, özüňem päk-arassa. Namaz okamagam ýaňy başladyňdämi!?...
-Howwa başlyk, ertirimi okamagy öwrendim, nesip bolsa 5 wagtymam öwrenip okap başlaryn...
+Tüweleme. Sen kollektiwimiziň iň göreldeli işgäri diýsem men ýalňyşmaryn. Gowy işleýädiň, taňryýalkasyn. Ýöne Meýlis, gowy işleýädiňdä. A inni... Düşünýän mähriban ejeň dünýesini täzeledi, jaýy-jennetden, iman-äkidenden bolsun. Ýöne Meýlisjan, düşün "Öleniň yzynda ölmeli" diýilen zat ýoga. Tas elsiz, göwresiz galýadyňa. Eý şol işdeşleriň ýetişmedik bolsa sen iki bölek bolýadyň bilýäňmi!?...
- Düşündüm başlyk, inni gaýtalanmaz...
+ "Gaýtalanmaz" diýip eýýäm näçinji gezek, hasabynam ýitirdim. Saňa birzat bolsa bizi ondan-oňa süýräp soňundada türmä basarlar. Beýdip bize ýamanlyk etmedä!!! Boldy ýeterlik. Sen işden boş, addel-kadra barda dokumentleriňi al, hoş-saglykda görüşeli!!!...
- Başlyk beý diýmäň, haýşt meni işden çykarmaň. Gaýrat ediň. Beýtmäň... Başga çykalga bardyra...
+Jan Meýlis, özüň seredä. Şuwagda çenli gaýrat edip gezdigä. Meňem maşgalam-çagalam bar. Olary goýup seň
Нет сообщений в теме
Gyzykly.Ru 2019-2020 Onlaýn: 0